Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen parlamentarileri Gazagystanda saparda bolýar

14:4529.03.2022
0
1678

«Türkmenportal» habarlar portalynda ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary 2022-nji ýylyň 28-29-njy martynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň geňeşiniň dabaraly mejlisine gatnaşýarlar.

«SNG:Today-yň» habar bermegine görä, türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa mejlisde çykyş edip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň parlamentarileriň özara gatnaşygy üçin esasy platforma bolup durýandygyny, sebitde parahatçylygy we hoşniýetliligi pugtalandyrmakda, Arkalaşygyň döwletleriniň kanunlaryny sazlaşdyrmakda möhüm çäreleri üpjün edýändigini belledi.

Gazagystandaky geňeşiň mejlisine Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Russiýanyň hem-de Moldowanyň parlament wekilleri gatnaşýarlar.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň