Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen parlamentarileri Gazagystanda iş saparynda bolar

22:0925.03.2022
0
1490

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçiren mejlisiniň dowamynda Buýruga gol çekdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi baly, resminama laýyklykda, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasynyň geňeşiniň dabaraly mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekiliýet agzalary 2022-nji ýylyň 28-29-njy martynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde gulluk iş saparynda bolar. Türkmen wekiliýetine Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa ýolbaşçylyk eder.

Şeýle-de, okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň