«EKSPO-2020» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonyna gelen myhmanlaryň sany 625 müňden geçdi

13:2128.03.2022
0
11504

«Turkmenportal» web saýtymyzda ozal hem habar berşimiz ýaly, 2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisi öz işine başlady. Şol gün Türkmenistanyň milli pawilýonynyň hem açylyş dabarasy geçirilipdi. Bu sergi 2022-nji ýylyň mart aýynyň 31-ine öz işini tamamlar.

«Biznes reklama» gazetiniň habar bermegine görä, Bütindünýä sergisiniň geçýän döwründe Türkmenistanyň milli pawilýonyna gelen myhmanlaryň sany 625 müň 798 adam bolup, günde gelip-gidýän adamlaryň sany 3 müň 500-e golaýlady. Myhmanlaryň arasynda ýokary derejeli wekilleriň, ýolbaşçylaryň we diplomatlaryň bolmagy, Türkmenistanyň dünýä derejesindäki abraýynyň ýokarydygyndan habar berýär.

«EKSPO-2020» Bütindünýä sergisinde «Ykjamlylyk» atly tematiki zolakda ýerleşdirilen Türkmenistanyň milli pawilýony iki gatdan ybarat bolup, onuň birinji gatynda görkezilýän 270 derejeli 3D ölçegli wideo görnüşde Türkmenistanyň taryhy, gözel tebigaty, milli baýlyklary hem-de häzirki döwürde ýeten belent sepgitleri beýan edilýär. Ikinji gatynda gurnalan sergi ekspozisiýasy bolsa Türkmenistanyň ykdysady hem-de medeni-durmuş ugurlarynda ösüşleri, dürli pudaklarda amala aşyrylýan özgertmeler we iri möçberli maýa goýum taslamalary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar.

Belläp geçsek, 2021-nji ýylyň dekabr aýynda «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonynyň çäklerinde ähli ministrlikler we pudak edaralary bilen geçiriljek çäreleriň meýilnamalary işlenilip düzüldi.

Meýilnama laýyklykda, 2021-nji ýylyň dekabr aýy — 2022-nji ýylyň mart aýy aralygynda 14 sany çäre geçirildi. Türkmenistanyň milli pawilýonynda ministrlikleriň we pudak edaralaryň gatnaşmagynda ähli maslahatlar, duşuşyklar, tanyşdyrylyş dabaralary wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň