«Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň bölümleri Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda nebit-gazly täze ýerleri gözläp tapma, şeýle hem eýýäm kesgitlenen ýataklarda barlag we goşmaça barlag taslamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýärler.
«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berlişi ýaly, häzirki wagtda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Balkan geofiziki ekspedisiýasynyň hünärmenleri bu zolagyň Gögerendag – Ekerem gaz-nebitli sebitinde 2D we 3D seýsmik barlag hem grawimetrik işlerini alyp barýarlar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy bilen «Ýug-Neftegaz Private Limited» şereketiniň arasynda Goturdepe ýatagynyň gündogar böleginde 3D seýsmik barlaglary geçirmek, Balkan etegi nebit-gazly sebitiň Günorta Burun meýdançasynda bolsa 2D seýsmik barlaglary geçirmek barada şertnama baglaşyldy. Şu ýyl başlanmagy meýilleşdirilýän kenarýaka zolagynyň bu kyn sebitlerinde alnyp barylýan işler, agtaryş-barlag burawlama arkaly gaz-nebitli ýerleri mundan beýläk-de öwrenmek üçin täze mümkinçilikleri açar.
Hazar deňziniň kenarýaka zolagynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Balkannebitgazgözleg», «Lebapnebitgazgözleg» we «Marynebitgazgözleg» ekspedisiýalary nebit-gazly ýerleri tapmak üçin, çuň guýulary burawlamak boýunça meýilnamalary durmuşa geçirýär.
Häzirki wagtda bu ekspedisiýalar Gögerendag – Ekerem gaz-nebitli sebitiň Akpatlawuk, Keýmir, Ekerem, Gamyşlyja, Günbatar Körpeje, Maşat, Garadaşly meýdançalarynda; Gyzylgum gaz-nebitli ýerde bolsa Ördekli we Uzynada meýdançalarda; Balkan nebit-gazly sebitiň Demirgazyk Goturdepe, Barsagelmez we Günorta Kelkor meýdançalarynda buraw işlerini alyp barýarlar. Soňky agzalan sebitiň meýdançalaryndaky çuň guýularyň agtaryş-barlag işleriniň ýokarda ady agzalan şereket tarapyndan öň geçirilen 2D we 3D seýsmik barlag netijelerine esaslanyp geçirilýär.
Şeýle-de okaň: