Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Brat» filmi prokatda Golliwudyň blokbasterinden ozdurdy

12:1626.03.2022
0
1766
«Brat» filmi prokatda Golliwudyň blokbasterinden ozdurdy
Surat: spbdnevnik.ru

Russiýanyň СТВ kinokompaniýasy Golliwudyň täze filmleriniň prokatda ýatyrylmagy bilen baglylykda, 1990-njy ýyllaryň «Brat» we «Brat-2» (Dogan we Dogan-2) atly meşhur filmlerini gaýtadan kinoteatrlara goýberdi. Filmleriň ikisem 24-nji martda ekranlara çykdy we birinji günde «Brat» 7 million rubl kassa ýygymyny toplady.

Hatda ýörgünli daşary ýurt filmleriniň ilkinji dynç alyş günleri rus prokatynda şunça möçberde pul toplamagy başarmaýandygy bellenýär, netijede öňdäki dynç günleri üçin petekleriň deslapky satuwyndan gelen jemi girdeji «Brat» filmi üçin 15,2 million rubla deň boldy. «Brat-2» bolsa prokatdaky ilkinji gününde 2 million rubldan gowrak ýygym toplady. Umuman alnanda, filmleriň ikisi 1,5 günde 21,3 million rubl toplady diýlip, MIR24 habar berýär.

Golliwudyň «Ançarted: Kartada bellik edilmändir» diýen täze filmi bolsa rus prokatynda 6 million rubldan sähel gowrak kassa ýygymyny gazandy.

Şeýle-de öňňin Eldar Rýazanowyň Gulluk romany ( «Служебный роман» ) diýen nusgawy liriki komediýasy täze gowulandyrylan şekilde we sesde prokata goýberildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň