Ýamaýkanyň häkimiýetleri kanunçylyga düzediş girizmek bilen, Beýik Britaniýanyň şa aýaly Ýelizaweta Ikinjini bu Karib döwletiniň baştutany wezipesinden mahrum etmek isleýärler. Bu barada TASS habar berdi diýip, Trend ýazýar.
Habara görä, ýurduň premýer-ministri Endrýu Houlness bu mesele babatda golaý wagtda Ýamaýka resmi sapar bilen geljek şa aýalynyň agtygy Kembrij gersogy Uilýam bilen gepleşmekçi. “Biz garaşsyz we gülläp ösýän ýurt bolmak baradaky özümiziň meýillerimizi gysga wagtda durmuşa geçirjekdigimize ynanýarys” diýip, premýer-ministr aýtdy.
Ýamaýkanyň döwlet baştutany Beýik Britaniýanyň şa aýaly bolup, ýurdy onuň adyndan bellenen baş gubernator dolandyrýar.