25-nji martda Aşgabat — Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawy amala aşyrylar

11:4224.03.2022
0
25131

2022-nji ýylyň 25-nji martynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Aşgabat — Moskwa ugry boýunça ýörite uçar gatnawuny guramagy meýilleşdirýär. Bu barada ilçihananyň Telegram sahypasynda habar berilýär. Nobatdaky ýörite uçar gatnawy «Türkmenistan» awiakompaniýasy tarapyndan amala aşyrylar.

Nobatdaky uçar gatnawy üçin awiapetekleriň satuwy 24-nji martda sagat 09:00-dan başlap, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki hem-de welaýatlardaky bölümlerinde amala aşyrylar.

  • Aşgabat şäheri, Oguzhan köçesiniň 211-nji jaýy (+99312 39-17-01)
  • Mary şäheri, Magtymguly köçesiniň 11-nji jaýy (8 00522 3-27-77)
  • Türkmenabat şäheri, Magtymguly köçesiniň 80-nji jaýy (+993422 3-92-10)
  • Daşoguz şäheri, Ruhnama köçesiniň 100-nji jaýy (+993322 9-00-58 / 9-12-21/9-20-20)
  • Türkmenbaşy şäheri, Azady köçesiniň 2-nji jaýy (+993243 5-00-52)

Ýörite uçar gatnawy bilen Moskwa uçmakçy bolýan ýolagçylaryň soňky duralgasy Moskwa şäheri bolmadyk ýagdaýynda, onda olar «S7» awiakompaniýasynyň Aşgabatdaky şahamçasyndan özlerine gerekli gatnaw boýunça awiapetekleri satyn alyp bilerler. Habarlaşmak üçin şu aşakda görkezilen salga ýüz tutup bilerler:

  • Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolynyň 174-nji jaýy. Telefon belgileri: +993 12 21-05-93 +993 64 03-37-03).

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guraýan nobatdaky ýörite uçuşy 41-nji, şu ýylyň mart aýynda bolsa amala aşyrýan dördünji ýörite uçuşydyr. Mundan ozal, ilçihana tarapyndan ýörite uçar gatnawlary 9-njy, 14-nji, şeýle-de 18-nji martda ýerine ýetirilipdi.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň Russiýa we beýleki ýurtlar bilen yzygiderli gatnawlarynyň dünýäde ýüze çykan güýçli koronawirus pandemiýasy sebäpli 2020-nji ýylyň mart aýynda togtatdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň