Soňky habarlar

Arhiw

«Deňizçi» AFK-a hat ýollady...

15:0024.03.2022
0
5100

Türkmenbaşy şäheriniň «Deňizçi» futzal topary Aziýanyň klublaýyn çempionatyna gatnaşmaga taýýardygy barada AFK-a resmi hat ýollady. Bu barada «Türkmensport» topardan berlen maglumata esaslanyp ýazdy.

Şeýlelikde, «Deňizçi» Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň 2021-nji ýyldaky çempiony hökmünde yklym ýaryşynda bellige alnar.

AFK yklym ýaryşynyň bije çekişligini 14-nji aprelde guramagy meýilleşdirýär.

AFK-nyň futzal boýunça klublaýyn çempionatyna reýtingiň ilkinji 16 ornundaky döwletleriň çempionlary gatnaşýar. Şu ýyl bu ýaryş 3 ― 14-nji awgust aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň