Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew «Türkmenistan» gazetiniň habarçysyna beren interwýusynda özüniň 50 ýyldan bäri öwrenip ýören aýdymynyň hem bardygyny aýtdy. Bu täsin aýdym barada halypa söhbetdeşlikde şeýle diýýär:
— Men iki ýyllap Moskwanyň Uly teatrynda işledim. Şol ýerde meşhur «Figaronyň toýy» atly italýan operasynyň aýdymyny hem aýtdym. Bu aýdymy men 1972-nji ýyldan bäri öwrenip ýörin. Şol döwürden bäri «igeläp-igeläp», indi-indi şol aýdymy arkaýyn aýdyp bilýärin. Köpçülik hem bu aýdymy elmydama gyzgyn el çarpyşmalar bilen kabul edýär.

