Soňky habarlar

Arhiw

Hokkeý boýunça dünýä çempionatynyň üçünji dwizionynda «B» toparçanyň ýeňijisi belli boldy

12:3521.03.2022
0
5895

Günorta Afrika Respublikasynyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň üçünji dwizionynyň «B» toparçasynda ýeňiji bolup, 2023-nji ýylda bu dwizionyň «A» toparçasyna wekilçilik etmäge hukuk gazandy.

«B» toparçadaky duşuşyklar 13 ― 18-nji mart aralygynda Günorta Afrika Respublikasynyň Keýptaun şäherinde geçirildi ― diýip, «SportMedia» habar berýär.

«B» toparça dört ýygyndy ― ýer eýeleri hem-de Gonkongyň, Taýlandyň, Bosnýa we Gersagowinanyň ýygyndylary wekilçilik etdi. Ýöne ýaryş başlamazyndan ozal Gonkongyň ýygyndysy oňa gatnaşmakdan çekilýändigini habar berdi. Şeýlelikde, toparçada üç ýygyndy galdy. Olar 6 günde biri-biri bilen iki gezekden duşuşdylar.

Geçirilen duşuşyklaryň netijesinde 10 utuk toplan ýer eýeleri ― Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysy toparçanyň ýeňijisi bolup, indiki ýylda üçünji dwizionyň «A» toparçasyna goşulmaga hukuk gazandy. Ýeňijiden 2 utugy az toplan Taýlandyň ýygyndysy ikinji orny eýeledi. Dört duşuşygyň hiç birinde-de utuk gazanyp bilmedik Bosnýa we Gersogawinanyň ýygyndysy bolsa geljek ýylda dördünji dwiziona düşdi.

Üçünji dwizionyň «A» toparçasyna Türkmenistanyň ýygyndysynyň hem wekilçilik edýändigini ýatladýarys. Bu toparçanyň duşuşyklary, ozal hem habar berşimiz ýaly, aprel aýynda geçiriler. Toparça biziň ildeşlerimizden başga-da, Türkiýäniň, «Lýuksemburgyň», Taýwanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň ýygyndylary wekilçilik edýär. KHDR-nyň ýygyndysy bolsa ýaryşa gatnaşmakdan ýüz öwürdi.

Bu dwizionyň ýeňijisi indiki ýyl ikinji dwizionyň «B» toparçasynda ýaryşmaga hukuk gazanar. Toparçada iň aşaky orny eýelän ýygyndy bolsa şu dwizionyň «B» toparçasynyň ýeňijisi Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysy bilen ornuny çalşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň