Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow Irlandiýanyň Prezidentine hat ýollady

07:0617.03.2022
0
4134

Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň milli baýramy — Keramatly Patrigiň güni mynasybetli Irlandiýanyň Prezidenti Maýkl D.Higginse we Irlandiýanyň ähli halkyna mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.

Türkmenistanyň häzirki Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Maýkl D.Higginse tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Irlandiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň