Top.Mail.Ru

Arhiw

«Iň eýjejik gyzjagaz — 2022» bäsleşigiň Ahal welaýat tapgyry geçirildi

10:4016.03.2022
0
1422

Ahal welaýatynyň Gökdepe şäherindäki Medeniýet köşgünde Türkmenistanyň 2 — 4-nji synp okuwçy gyzjagazlaryň arasynda yglan edilen «Iň eýjejik gyzjagaz — 2022» atly şadyýan bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Ýaş nesliň ajaýyp sungat baýramçylygyna öwrülen bu bäsleşige şäherdir etrap tapgyrlarda ýeňiji bolan gyzjagazlar gatnaşdy. Bu barada «Ahal durmuşy» welaýat gazetinde habar berilýär.

Bäsleşigiň guramaçylykly we gyzykly geçmeginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşi, welaýat Baş bilim müdirligi hem-de welaýat Medeniýet müdirligi uly tagalla etdiler. Döredilen giň mümkinçilikler okuwçy gyzjagazlara sungat babatdaky ukyp-başarnygyny doly derejede açyp görkezmäge şert döretdi.

Şadyýan okuwçy gyzjagazlar Türkmenistanda alnyp barylýan tutumly işleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler, türkmen milli egin-eşiklerini geýip, olary şahyrana sözler bilen wasp etdiler, ene-mamalardan nesilden-nesle geçip gelýän milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmek boýunça ukyp-başarnygyny görkezdiler. Bäsleşigiň şertleri esasynda ýerine ýetirilen çykyşlar göwün göteriji duýgulary döretdi.

Bäsleşigiň welaýat tapgyrynda Babadaýhan etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Oguljeren Ýazgeldiýewa birinji, Gökdepe etrabyndaky 30-njy orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Aýperi Mämiýewa ikinji orunlary eýeläp, döwlet derejesindäki jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine hormat hatlary hem-de ýörite sowgatlar, oňa gatnaşan beýleki gyzjagazlara bolsa, höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň