Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda sürüjisiz ulaglara adam gözegçiligi baradaky talap ýatyryldy diýip, “Lenta.ru” habar berýär.
ABŞ-nyň ýollarynda hereketiň howpsuzlygy milli edarasy (NHTSA) özbaşdak dolandyrylýan awtoulaglaryň önümçiligi bilen bagly täze düzgünleri çap etdi, oňa görä, indi ulag öndürijiler sürüji üçin orunsyz, rulsuz we beýleki gözegçilik enjamlarsyz, özbaşdak dolandyryş ulgamly ulaglary öndürip biler.
Täze düzgünler 2020-nji ýylyň martynda teklip edildi, olarda awtomatlaşdyrylan ulaglar edil adam tarapyndan dolandyrylýan ulaglardaky ýaly ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmelidir diýlip bellenýär.
Täze çap edilen düzgünlerde däp boýunça öň sürüjiniň oturýan ornunda çagalaryň oturmagy gadagan edilýär.

