Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Gabriel Boriçe Çili Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
TDH-nyň ýazyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Gabriel Boriçe tüýs ýürekden berk jan saglyk, gujur-gaýrat, şeýle hem Çili Respublikasynyň dostlukly halkynyň öňe gitmegine hem-de rowaçlygyna gönükdirilen ähli başlangyçlarynda we işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.