Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň ilçisi: «Täze Prezident Türkmenistanyň daşary syýasat ugruna üýtgeşmeleri girizmez»

20:1512.03.2022
0
44520

Russiýanyň Aşgabatdaky ilçisi Aleksandr Blohiniň pikirine görä, Prezidentiň çalşylmagy Türkmenistanyň daşary syýasatyna düýpli üýtgeşmeleri getirmez. Diplomat bu barada TASS-a beren interwýusynda aýtdy.

«Bitaraplyk derejesi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Şonuň üçin bu derejä ygrarlylygyň döwlet Baştutanynyň üýtgemegi bilen üýtgemegine garaşmaýarys. Esasanam, Türkmenistanyň bitaraplygy durmuşa ukyplylygyny görkezensoň, ozalky güýjünde galar diýip pikir edýärin. 30 ýyl töweregi wagtyň dowamynda bu dereje BMG-niň ykrarnamasyna eýe boldy. Bu bolsa Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesini diýseň netijeli ulanýandygyny görkezýär» diýip, ilçi pikirlerini paýlaşdy.

Türkmenistanyň daşary syýasatda mundan beýläk hem Bitaraplyk derejesine ygrarly boljakdygyny dalaşgär Serdar Berdimuhamedow hem aýdypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň