Top.Mail.Ru

Arhiw

«Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

10:5212.03.2022
0
6697

Türkmenistanda üç aýdan bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» ylmy-tejribe žurnalynyň täze sany çapdan çykdy. Onda ýurdumyzyň halkara durmuşynyň möhüm wakalary beýan edilýär.

«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, žurnalyň sahypalarynda beýan edilýän wajyp meseleler bu döwürleýin neşire diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda hem uly meşhurlyk getirdi. Daşary işler ministrliginiň esaslandyran bu žurnaly dünýä jemgyýetçiligine Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň maksatlaryna aýdyň düşünmäge ýardam berýär.

Žurnalyň nobatdaky sany Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitindäki çykyşy bilen açylýar. Sammit Türkmenistanyň bu guramada 2021-nji ýylda başlyklyk etmeginiň çäklerinde, geçen ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde geçirildi.

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri bu abraýly düzümiň agzasy bolmak bilen, köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine saldamly goşant goşýar, şeýle hem YHG-ä agza döwletler bilen ikitaraplaýyn dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny giňeldýär. Şu geçen döwürde uzak möhletleýin geljegi nazarlap, netijeli hyzmatdaşlyk üçin berk binýady döredýän bilelikdäki işiň uly tejribesi toplanyldy.

Türkmenistan ýörite işlenip taýýarlanan Konsepsiýanyň esasynda YHG-da başlyklyk etmek bilen, bu jogapkärçilikli wezipäni ýerine ýetirmekde hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilen çemeleşmäni görkezdi. Žurnalyň makalalarynyň birinde bu çemeleşme öz beýanyny tapdy. Onda geçen ýylyň iň ähmiýetli wakalarynyň biri bolan ýokary derejedäki foruma syn berilýär.

Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Pakistan Yslam Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentleriniň, şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Hökümet Baştutanynyň we YHG-nyň Baş sekretarynyň gatnaşmagynda geçen bu sammitiň gün tertibine döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklary hem-de energetika, ulag, söwda we ynsanperwer ulgamlarynda, şeýle hem howanyň üýtgemegi, ekologiýa, daşky gurşawy goramak, koronawirus ýokanjynyň täze görnüşiniň garşysyna göreşmek ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň has möhüm meseleleri girizildi.

Döwletimiz oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine hem-de öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarly bolmak bilen, dünýäniň ähli ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrýar. Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Türkmenistana amala aşyran döwlet saparlarynyň çäklerinde, Aşgabatda geçirilen iň ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň netijeleri munuň aýdyň subutnamasy boldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Dubaý şäherinde geçirilýän «EKSPO — 2020» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralan Türkmenistanyň Milli gününe gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirliklerine iş sapary munuň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistan Ýewraziýa yklymynda Türki dilli döwletleriň eýeleýän uly giňişliginde söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmaga çalyşýar. Geçen ýylyň 12-nji noýabrynda Stambul şäherinde geçirilen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitinde Türkmenistanyň Türki Döwletleriň Guramasyna synçy ýurt derejesinde gatnaşmagy baradaky çözgüdiň kabul edilmegi 2021-nji ýylyň möhüm wakalarynyň biri boldy.

Žurnaldaky nobatdaky makala şol sammiti jikme-jik beýan edýär.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda ýurduň Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 26 ýyllygy bellenilip geçildi.

Şunuň bilen baglylykda, okyjylara türkmen Lideriniň gatnaşmagynda 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahata bagyşlanan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylygyň kepili» atly makala hödürlenildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl sammitine gatnaşmagy geçen ýylyň esasy wakalarynyň biri boldy.

Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna açyk, netijeli gatnaşyklar we özara bähbitli uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin netijeli meýdança hökmünde garamak bilen, guramanyň bar bolan köpugurly mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek meselelerinde başlangyçlar bilen çykyş edýär. Bu ýokary derejeli duşuşyga bagyşlanan makalada bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyz birnäçe başlangyçlary öňe sürüp, ylmy-diplomatiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny teklip etdi.

Žurnalyň «Türkmenistanyň Prezidentiniň halkara syýasy işjeňligi» atly bölüminde döwletara gatnaşyklary, hususan-da, Russiýa Federasiýasy, Özbegistan Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Awstriýa Respublikasy bilen gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary we meýilleri baradaky makalalar ýerleşdirilipdir. Şeýle hem makalalarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Durnukly ulag boýunça ikinji Ählumumy maslahaty, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi, Demirgazyk Ykdysady Hyzmatdaşlyk boýunça Halkara forum ýaly forumlara gatnaşmagy beýan edilýär. Olarda häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen birnäçe netijeli başlangyçlar öňe sürüldi.

Halkara guramalaryň we olaryň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, meşhur daşary ýurtly diplomatlaryň, bilermenleriň we beýleki esasy hünärmenleriň makalalary okyjylarda uly gyzyklanma döreder. Şolaryň hatarynda Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň we Ýaponiýanyň Döwlet daşary işler ministri Takako Suzukiniň, Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýadaky Ýörite wekili, ilçi Terhi Hakalanyň, BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowanyň, Intellektual eýeçiligiň Bütindünýä guramasynyň baş direktory Daren Tan Heng Şimiň, Russiýanyň ýabany tebigatyň Bütindünýä gaznasynyň Merkezi Aziýa maksatnamasynyň (WWF) direktory Grigoriý Mazmanýansyň we WWF-iň ylmy ýolbaşçysy Olga Pereladowanyň makalalaryny bellemek gerek.

Halkara hukuk hyzmatdaşlygyny, Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmek babatda alnyp barylýan ähmiýetli işleri, daşary ykdysady syýasatyň netijeliligini, ýurduň saglygy goraýyş we lukmançylyk diplomatiýasy ulgamynda gazanan üstünliklerini neşiriň sahypalarynda beýan edilen beýleki möhüm mowzuklaryň hatarynda görkezmek bolar.

Neşiriň nobatdaky sany, däp bolşy ýaly, «Diplomatik durmuşyň senenamasy» atly bölüm bilen jemlenýär. Bu bölümde 2021-nji ýylyň 4-nji çärýeginde geçirilen dürli derejelerdäki duşuşyklara, daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmelere, Hökümetara toparlaryň mejlislerine gysgaça synlar berilýär.

Çap edilen ähli makalalar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň bähbidine dünýäniň ähli ýurtlary, halkara guramalary we olaryň düzümleri bilen deňhukukly hem-de netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiginiň gönüden-göni subutnamasydyr.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän bu žurnal Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkezinde çap edildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň