Ýaponiýadaky “Ölüm daşy” diýlip atlandyrylýan meşhur ýanardag jynsly daş des-deň ikä bölündi diýip, ABP habarlar gullugy habar berdi.
Gaýa Tokiodan uzakda bolmadyk Totigi daglarynyň etegindäki Nasu şäherjiginde ýerleşýär. Onuň töwereginde jahankeşdeleriň iň köp barýan ýeri bolan ýyly suwly melhemli çeşmeler bar.
Bu ýer barada ýerli ilatyň arasynda köpsanly rowaýatlar bar. Olaryň birinde mundan 900 ýyl öň bu daşy ýaramaz arwah ýonupdyr diýilýär, daşyň daşky görnüşi dokuzguýrukly tilkini ýatladýar. Şonuň üçin “ölüm daşyna” kim galtaşsa, oňa howp abanýar diýen yrym saklanyp galypdyr.