Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Iň eýjejik gyzjagaz — 2022» bäsleşigiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi

11:1511.03.2022
0
1480

Balkan welaýat döwlet drama teatrynda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2022» atly şadyýan bäsleşigiň geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň Milli bahar baýramy mynasybetli ýurduň orta mekdepleriniň 2-4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlarynyň arasynda yglan edilen bäsleşige onuň etrap-şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan zehinli gyzjagazlar gatnaşdylar.

«Balkan» welaýat gazetiniň habar bermegine görä, bäsleşige gatnaşan gyzjagazlar şirin owazly aýdym-sazlarda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan beýik işleriniň, bagtly çagalygyň waspyny ýetirdiler. Milli lybasly gyzjagazlar dakynan şaý-seplerini taryp etdiler, ýaş aýratynlyklaryna görä, ene-mamalardan miras galan el işlerini ýerine ýetirmekde başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşigiň ahyrynda eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, Serdar şäherindäki 7-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Gülendam Merdanowa birinji, Balkanabat şäherindäki 6-njy orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Nurjahan Täşliýewa ikinji orunlara mynasyp boldular we bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ýeňiji bolan eýjejik gyzjagazlara Hormat hatlary we sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň