Türkmenistanda 12-nji martdaky Prezident saýlawlarynyň geçirilişi milli telewideniýada we radioda göni ýaýlymda görkeziler. Bu barada şu geçirilen Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisiniň barşynda wise-premýer M.Mämmedowa türkmen Liderine beren hasabatynda belläp geçdi.
«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere saýlaw günündäki çäreleri milli ýaýlymlarda we beýleki habar beriş serişdelerinde giňişleýin beýan etmek barada anyk görkezmeleri berdi.
Mundan başga-da, döwlet Baştutany Prezident saýlawlaryna taýýarlyk barada yzygiderli maglumat bermek, şeýle hem ilatyň bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä işjeň gatnaşmagyny gazanmak maksady bilen, ähli habar beriş serişdelerinden peýdalanmagy tabşyrdy.
Daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny beýan etmek we olar barada ygtybarly maglumatlary almak isleýändigini bellemelidiris. Olaryň arasynda Türkmenistanyň milli habarlar agentliginiň hyzmatdaşlary – «Mir» döwletara teleradio kompaniýasy, «Russiýa 24» teleýaýlymy, Aziýa-Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşigi we beýlekiler bar.