Berdimuhamedow nebitgaz senagatynda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi

22:2304.03.2022
0
9252

Şu gün — 4-nji martda Hökümetiň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny ýerine ýetirmek boýunça şu ýylyň ýanwar — fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde bellenilişi ýaly, hasabat döwründe nebiti çykarmak boýunça meýilnama 100,8 göterim, nebiti gaýtadan işlemek boýunça 110,3 göterim, benzin öndürmek boýunça 117,8 göterim, dizel ýangyjyny öndürmek boýunça 116 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmek boýunça 111 göterim, polipropileniň öndürilişi boýunça 118,9 göterim ýerine ýetirildi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşynyň ösüş depgini 102,7 göterime, suwuklandyrylan gazyň öndürilişiniň ösüş depgini 108,8 göterime deň boldy.
Wise-premýer daşary ýurtlara tebigy gazy ibermegiň meýilnamasynyň 114,7 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi.

Bu pudakda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek syýasatyna laýyklykda, gaz ulgamynda Hytaý Halk Respublikasy bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň amala aşyrylýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda türkmen Lideriniň garamagyna «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň ikinji tapgyryny «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, «Töwekgelçilikli serwis hyzmatlary hakynda şertnama» esasynda maýa goýum serişdeleriniň hasabyna durmuşa geçirmek babatda degişli teklipler hödürlenildi.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletiň zerur kömegi berýändigine, pudaklary ösdürmek üçin köp möçberde serişdeleri goýberýändigine garamazdan, bu pudaklarda heniz öňegidişlikleriň azdygyna wise-premýeriň ünsüni çekdi. «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy hem aýry-aýry görkezijiler boýunça tabşyrygy yzygiderli ýerine ýetirip bilmän gelýär.

Döwlet Baştutany wise-premýere emele gelen ýagdaýy içgin seljermegi hem-de gözegçilik edýän pudaklarynyň işini kämilleşdirmek boýunça teklipleri bermegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň