Turkmenportal logo
04.03.22
73107310
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Waagn Haçaturýana Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.


«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen Lideri şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Waagn Haçaturýana berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Ermenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.


Belläp geçsek, Waagn Haçaturýan 2021-nji ýylyň awgustynda ministr wezipesine bellenipdi. Ol bilimi boýunça ykdysadyýetçi, 1992-1996-njy ýyllarda Ýerewan şäheriniň häkimi wezipesinde işledi.


Ermenistan Respublikasynyň ozalky prezidenti Armen Sarkisýan 2018-nji ýyldan 2022-nji ýyla çenli bu wezipäni ýerine ýetirdi. Ol 2022-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda wezipesinden çekilipdi.