Arhiw

«Talyp gözeli — 2022» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

18:3103.03.2022
0
11398

Şu gün — 3-nji martda Aşgabatdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp gyzlaryň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, Bilim ministrliginiň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň bilelikde guramagynda yglan edilen «Talyp gözeli — 2022» atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrynda ýeňiji bolmagy başaran talyp gyzlaryň 22-si gatnaşdy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň hünärmenleriniň «Türkmenportal.com» web saýtymyza habar bermegine görä, bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, oňa gatnaşýan talyp gözeller üç şert boýunça bäsleşdiler.

Bäsleşigiň birinji şertine laýyklykda, talyp gyzlar türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungata, döredijilige bolan ukybyny, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda yglan edilen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň joşgunly owazyny aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek bilen öz ussatlyklaryny görkezdiler. Bäsleşigiň ikinji şertine görä, talyp gyzlar türkmen Lideriniň tagallasy bilen neşir edilen «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapda beýan edilýän türkmen milli tagamy bolan unaş kesmekde özara bäsleşdiler. «Hünärim bar — hormatym bar» atly üçünji şerte görä, talyp gyzlar ene-mamalarymyzdan miras galan keşde çekmek boýunça başarnyklaryny görkezdiler.

Bäsleşigiň jemleri boýunça eminler toparynyň gelen netijesine görä, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 1-nji ýyl talyby Gülbäbek Mämmedowa baş baýraga mynasyp boldy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Maýa Çaryýewa bolsa birinji, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 2-nji ýyl talyby Merjen Annadurdyýewa bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby Merjen Bekçerowa ikinji, Türkmen döwlet maliýe institutynyň 4-nji ýyl talyby Jahan Ataşowa, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň 2-nji ýyl talyby Zübeýda Mäterowa, şeýle-de Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby Leýli Soltanowa dagy üçünji orunlara mynasyp bolmagy başardylar.

Ýeňiji bolan talyp gözellere bäsleşigi guraýjylar tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň