Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» AFK-nyň Çempionlar ligasyndaky duşuşyklaryny Jidda şäherinde geçirer

13:5203.03.2022
0
3434

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň Günbatar sebitindäki ähli duşuşyklary 7 ― 27-nji aprel aralygynda Saud Arabystanynda geçiriler ― diýip, Täjigistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Has takygy, «A» we «B» toparçanyň duşuşyklary Er-Riýad, «C» toparçanyň duşuşyklary Jidda, «D» toparçanyň duşuşyklary Buraýda, «E» toparçanyň duşuşyklary bolsa, Dammam şäherinde geçiriler.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň wise-çempiony «Ahal» futbol topary Jidda şäherinde ýaryşar. Biziň ildeşlerimiziň garşydaşlary Eýranyň «Fulad», BAE-niň «Şabab Al-Ahli» we Kataryň «Al-Garafa» toparlary bolar.

AFK-nyň Çempionlar ligasynyň düzgünnamasyna görä, her sebitdäki bäş toparçanyň ýeňijileri we ikinji orny eýelänleriň iň gowy 3-si ýaryşyň 1/8 finalyna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Eger «Ahal» toparçalaýyn tapgyrda üstünlikli çykyş edip bilse, 2023-nji ýylyň 3-nji ýa 4-nji fewralynda geçiriljek 1/8 final duşuşygyna gatnaşar. Ýaryşyň çärýek finaly 2023-nji ýylyň 7-nji fewralynda, ýarym finaly 10-njy fewralynda bolar.

Kubogyň eýesi bolsa, geçen ýyllardaky ýaly, iki duşuşygyň netijesinde belli ediler. Has takygy, final 19-njy we 26-njy fewralda geçiriljek iki duşuşykdan ybarat bolar. Bu duşuşyklaryň ilkinjisi Günbatar, ikinjisi Gündogar sebitden çykan finalçynyň meýdanynda geçiriler.

«Ahal» Türkmenistandan AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2022-ä gatnaşmak üçin ygtyýarnama alan ýeke-täk topardyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň