Soňky habarlar

Arhiw

AFK ýetginjekleriň we ýaşlaryň ýaryşlaryny täze düzgünde geçirer

13:3526.02.2022
0
4049

AFK -nyň resmi web saýtyna görä, 2023/2024-nji ýyllaryň möwsüminden başlap, 17, 20 we 23 ýaşa çenli ýetginjeklerdir ýaşlaryň arasyndaky yklym ýaryşlarynyň saýlama tapgyrlary sebitleýin usulda geçirilmez.

Şu güne çenli bu ýaryşlaryň saýlama oýunlary Günbatar we Gündogar sebitlerde aýry-aýry geçirilýärdi. Indi bu iki sebitiň ýetginjekleridir ýaryşlary saýlama duşuşyklary garyşyk görnüşinde geçirip bilerler.

Ozalky düzgüne görä, Türkmenistan Günbatar sebite wekilçilik edýärdi.

Ýeri gelende aýtsak, 20 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geljek ýylda geçiriljek Aziýa kubogynyň saýlama duşuşyklary şu ýylyň 10 ― 18-nji sentýabry aralygynda meýilleşdirilýär.

1 ― 9-njy oktýabr aralygynda bolsa 17 ýaşa çenli ýetginjekleriň 2023-nji ýyldaky yklym ýaryşynyň saýlama oýunlary bolar.

Türkmenistanyň 23 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň şu ýylyň 1 ― 19-njy iýuny aralygynda geçiriljek Aziýa kubogynyň final tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanandygyny ýatladýarys. Yklym ýaryşy Özbegistanda geçiriler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň