Soňky habarlar

Arhiw

ÇL: «Atletiko» — «Mançester Ýunaýted» hem-de «Benfika» — «Aýaks» duşuşyklary bolar

17:3923.02.2022
0
3702

UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň köpleriň ünsüni özünde jemleýän aýgytly duşuşyklary dowam edýär. Futbol janköýerleriniň Ýewropa futbolyna bolan söýgüsini artdyrýan bu ýaryşyň 1/8 finalynyň ilkinji duşuşyklarynyň nobatdaky gününde hem indiki iki duşuşygyň birinji hasaplary kesgitlener. Olar «Atletiko» — «Mançester Ýunaýted» hem-de «Benfika» bilen «Aýaksyň» duşuşyklarydyr.

Bu toparlaryň edil birinji duşuşygynyň nähili tamamlanjagyny bilip bolmaýşy ýaly, ikinji oýny hem öňünden çaklap bolmasa gerek. Şeýle-de bolsa, netijeli oýny bilen islendik duşuşygyň ykbalyny çözüp biljek futbolçylaryň hatarynda tanalýan Kriştiano Ronaldo («M.Ý») bilen Sebastýan Alleden («Aýaks») janköýerleriň tamasy uly.

Duşuşyklar şu gün agşam, has takygy, Aşgabat wagty bilen 01:00-da başlanar. Belläp geçsek, bu toparlaryň arasyndaky birinji duşuşyk bolup, jogap oýunlary 2022-nji ýylyň 16-njy martynda geçiriler.

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň nobatdaky duşuşyklarynyň we olaryň geçiriljek wagtynyň tertipnamasy:

«Atletiko Madrid» (Ispaniýa) – «Mançester Ýunaýted» (Angliýa) — 01:00;

«Benfika» (Portugaliýa) – «Aýaks» (Niderlandlar) — 01:00.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň