Oksford uniwersitetiniň dilçileridir taryhçylary orta asyr iňlis gahrymançylykly ýa-da rysarlar baradaky taryhlaryň 90 göteriminiň mundan birnäçe ýüz ýyl öň ýitirilendigini kesgitlediler.
Şonuň bilen birlikde, ol taryhlaryň belli bir böleginiň island we irland dillerinde saklanyp galandygy belli boldy.
«EurekAlert» ylmy neşiriniň ýazmagyna görä, gadymy iňlis eposy düýbünden ýitirilen derejededir.
«Biz orta asyr edebiýatynyň iňlis dilinde pes derejede saklanandygyny Genrih VIII döwründe monastyrlaryň talanmagy bilen baglanyşdyryp bilerdik, emma iňlis dilinde gahrymançylykly taryhlar monastyrlaryň kitaphanalarynda seýrek duşýardy» diýip, professor Deniel Soýer aýdýar.
Irland we island orta asyr edebiýatlarynyň saklanyp galmagynyň esasy sebäbi çaphana işiniň oýlanyp tapylanyndan köp döwür soňam bu halklarda kitaplaryň golýazma nusgalaryny taýýarlamak däbiniň dowam edendigi bilen düşündirilýär.
Bu barada «Rossiýskaýa gazeta» ýazýar.