Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Renault» wodorod bilen işlejek geljegiň ulaglaryny hödürledi

14:3321.02.2022
0
2891
«Renault» wodorod bilen işlejek geljegiň ulaglaryny hödürledi
Surat: www.ixbt.com

Awtoulag öndürijisi «Renault» wodorod hereketlendirijisi bilen işleýän täze görnüşdäki awtoulagyny alyjylara hödürledi. Täze awtoulag dizaýn müdiri Gilles Widalyň ýolbaşçylygynda işlenip düzüldi we 2022-nji ýylyň maý aýynda satuwa çykarylar. «Renault» öňdenem bar bolan ekologiýa taýdan arassa awtoulaglaryň gerimini giňeltmegi meýilleşdirýär. Şeýlelik bilen, häzirki wagtda 1.8 litrlik benzin turbo hereketlendirijisi bilen A110 sport awtoulaglaryny öndürýän «Alpine» sport markasynyň awtoulaglary ýakyn wagtda elektrik bilen işleýän awtoulaglara öwrüler.

Şeýle-de bolsa, ixbt.com-yň bellemegine görä, «Dacia» tarapyndan dolandyrylýan söwda markasy «Ýewropanyň kanunlary rugsat berýänçä» benzin we dizel awtoulaglaryny öndürer. Bu karar kompaniýanyň býujet markasynyň awtoulaglarynyň bahalaryny pes derejede saklamak islegi bilen baglanyşyklydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň