Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2022 — 2025-nji ýyllar üçin Türkmenistany temmäkisiz ýurda öwürmek boýunça maksatnama düzüldi

22:3618.02.2022
0
20593

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji fewralda Ruhyýet köşgünde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda wise-premýer S.Toý­ly­ýew döwlet Baştutanyna 2025-nji ýy­la çen­li Türk­me­nis­ta­ny tem­mä­ki­den azat ýur­da öwür­mek bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat be­rdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär.

«Ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy­nyň tem­mä­ki tüs­se­si­niň tä­si­rin­den we tem­mä­ki önüm­le­ri­ni ulan­ma­gyň ne­ti­je­le­rin­den go­ral­ma­gy ha­kyn­da­ky» Ka­nu­nyň ka­bul edil­me­gi­niň hem-de tem­mä­kä gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça kö­pu­gur­ly mak­sat­na­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň ne­ti­je­sin­de hä­zir Türk­me­nis­tan BSGG-niň Ýew­ro­pa se­bi­tin­de şu ugur bo­ýun­ça öň­de­ba­ry­jy orun­la­ry eýe­le­ýär.

Adam­la­ryň ömür do­wam­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak we sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi de­giş­li mi­nistr­lik­ler hem-de pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­r bi­len bi­le­lik­de Türk­me­nis­ta­ny tem­mä­ki­den azat ýur­da öwür­mek bo­ýun­ça 2022 — 2025-nji ýyl­lar üçin Mil­li mak­sat­na­ma­sy­ny we ony ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li çä­re­le­riň Me­ýil­na­ma­sy­ny iş­läp taý­ýar­la­dy.

Bu mak­sat­na­ma tem­mä­ki­den azat ýurt hu­kuk de­re­je­si­ni kes­git­le­mek bo­ýun­ça mil­li stan­dar­ty dö­ret­mä­ge, bu ba­bat­da sy­ýa­sa­tyň al­nyp bar­ly­şy­na we ka­nun­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne aý­ra­tyn üns ber­mek bi­len, tem­mä­kä gar­şy gö­reş­mek ul­ga­my­ny ber­kit­mä­ge, ila­tyň ara­syn­da tem­mä­ki önüm­le­ri­ne bo­lan is­le­gi azalt­ma­ga hem-de tem­mä­ki­ni ulan­ma­gyň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri ba­ra­da ila­tyň ha­bar­dar­lyk de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Şeý­le hem tem­mä­ki­niň ula­nyl­ma­gy­ny bes et­dir­mä­ge we ni­ko­ti­ne bag­ly­ly­gy be­jer­mä­ge gö­nük­di­ri­len luk­man­çy­lyk hyz­mat­la­ry­nyň el­ýe­ter­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak hem-de mil­li we hal­ka­ra de­re­je­de tem­mä­kä gar­şy gö­reş­me­giň ta­rap­dar­la­ry bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek il­kin­ji no­bat­da­ky we­zi­pe­le­riň ha­ta­ry­na gi­ri­zil­di.

Wi­se-prem­ýer Türk­me­nis­ta­ny tem­mä­ki­den azat ýur­da öwür­mek bo­ýun­ça 2022 — 2025-nji ýyl­lar üçin Mil­li mak­sat­na­ma­sy­nyň we ony ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­li çä­re­le­riň Me­ýil­na­ma­sy­nyň tas­la­ma­la­ry­ny hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ga­ra­ma­gy­na hö­dür­läp, me­ýil­leş­di­ri­len işiň sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne eýer­ýän adam­la­ryň sa­ny­ny kö­pelt­mä­ge, zy­ýan­ly en­dik­ler se­bäp­li dö­re­ýän ke­sel­le­riň de­re­je­si­ni azalt­ma­ga, adam­la­ryň öm­rü­niň or­ta­ça do­wam­ly­ly­gy­ny art­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­di­gi­ni bel­le­di.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ha­sa­ba­ty diň­läp, de­giş­li Ka­ra­ry taý­ýar­la­mak ba­ra­da hö­dür­le­ni­len tek­li­bi ma­kul­la­dy hem-de ilat ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni wa­gyz et­mek we giň­den or­naş­dyr­mak, sag­ly­ga zy­ýan­ly, hu­su­san-da, tem­mä­ki ulan­mak en­dik­le­ri­ne gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça iş­le­ri he­mi­şe alyp bar­ma­gyň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çek­di. Öň­de goý­lan baş mak­sa­dyň ra­ýat­la­ry­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­jak­dy­gy bel­le­nil­di.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň