Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň “Ahaly” AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň iň güýçli toparçasynda çykyş eder

18:3918.02.2015
0
5366

 Aşgabat, 18.02.2015. “Türkmenportal”.

“Türkmennebitönümleri”  Baş müdirliginiň “Ahaly” AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň indiki böleginde iň güýçli toparçada oýnar. Ildeşlerimize onda AFK-nyň Kubogynyň eýesi “Al-Kadsiýa” (Kuweýt), bu ýaryşyň iki gezek finalyna çykan “Erbil” (Yrak) we Täjigistanyň üç gezek çempiony “Istiklal” ýaly yklymda belli toparlar bilen duşuşyklar garaşýar.

Kuweýtiň “Al-Kadsiýasy” AFK-nyň Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynda Jiddada “Al-Ahli” topary (Saud Arabystany) bilen duşuşdy. 0:1 hasabynda öňe saýlananda bolsalar, kuweýtliler ýeňiş gazanyp bilmediler, 2:1 hasabynda ýeňildiler. Netijede “Al-Kadsiýa” AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşyň “C” toparçasyna düşdi.

Bu ýaryşda “Ahal” öz ilkinji duşuşygyny 25-nji fewralda Kuweýtde “Al-Kadsiýa” garşy geçirer. 11-nji martda öz meýdanynda “Istiklaly”, 18-nji martda bolsa “Erbili” kabul eder.

“C” toparçasynda geçiriljek duşuşyklaryň doly tertipnamasyny siziň dykgatyňyza hödürleýäris:

AFK-nyň Kubogy — 2015. Toparçalaýyn bölek

“C” toparçasy: “Al-Kadsiýa” (Kuweýt), “Erbil” (Yrak), “Istiklal” (Täjigistan), “AHAL” (TÜRKMENISTAN).

1-nji tapgyr

25-nji fewral (çarşenbe)

“Istiklal” (Täjigistan) — “Erbil” (Yrak)

 “Al-Kadsiýa” (Kuweýt) — “AHAL” (TÜRKMENISTAN)

2-nji tapgyr

11-nji mart (çarşenbe)

“AHAL” (TÜRKMENISTAN) — “Istiklal” (Täjigistan)

“Erbil” (Yrak) — “Al-Kadsiýa” (Kuweýt)

3-nji tapgyr

18-nji mart (çarşenbe)

“Al-Kadsiýa” (Kuweýt) — “Istiklal” (Täjigistan)

 “AHAL” (TÜRKMENISTAN) — “Erbil” (Yrak)

4-nji tapgyr

15-nji aprel (çarşenbe)

 “Istiklal” (Täjigistan) — “Al-Kadsiýa” (Kuweýt)

  “Erbil” (Yrak) — “AHAL” (TÜRKMENISTAN)

5-nji tapgyr

29-njy aprel (çarşenbe)

“Erbil” (Yrak) — “Istiklal” (Täjigistan)

“AHAL” (TÜRKMENISTAN) — “Al-Kadsiýa” (Kuweýt)

 6-nji tapgyr

13-nji maý (çarşenbe)

“Istiklal” (Täjigistan) — “AHAL” (TÜRKMENISTAN)

“Al-Kadsiýa” (Kuweýt) — “Erbil” (Yrak)

Beýleki toparçalar:

“Günbatar” zolagy

“A” toparça: “Al-Wehdat” (Iordaniýa), “Al-Nahda” (Oman), “Al-Wahda” (Siriýa), “Salam Jharta” (Liwan).

“B” toparça: “AlŞorta” (Yrak), “Al-Jazira” (Iordaniýa), “Taraşi Wadi Al-Nes” (Palestina), “Al-Hudd” (Bahreýn).

“D” toparça: “Riffa” (Bahreýn), Sk “Kuweýt” (Kuweýt), “Nejmeh” (Liwan), “Al-Jaýş” (Siriýa).

“Gündogar” zolagy

E” toparça: “Bengaluru” (Hindistan), “Persipura Jaýapura” (Indoneziýa), “Warrios” (Singapur), “Maziýa Sports” (Maldiwler).

“F” toparça:Kitçi” (Gonkong), “Ist Bengal” (Hindistan), “Johor Darul Takzim” (Malaýziýa), “Baleste Halsa” (Singapur).

“G” toparça: “Ýabanarbon” (Mýanma), “Saut Çaýna” (Gonkong), “Global” (Filippinler), “Pahang” (Malaýziýa).

“H” toparça: “Persib Banbung” (Indoneziýa), “Aýýwadi Ýunaýted” (Mýanma), “Lao” (Laos), “Nýu Podiant” (Maldiwler).    

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň