Türkmenistanda kremniniň karbidini öndürmek boýunça synag tamamlandy

10:4417.02.2022
0
9690

«Ülke» hususy kärhanasynyň hünärmenleri sintetik önümiň – kremniniň karbidini almak boýunça synag işlerini alyp bardylar. Sintezi geçirmek üçin telekeçileriň ozal taýýarlan emeli grafiti hem-de ýerli känleriň kwars çägesi ulanyldy. «Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynda habar berilmegine görä, taslamany düzüjilere synag işlerini geçirmegi taýýarlamak üçin köpýyllyk nazary taýýarlyk we dört ýyldan gowrak wagty öz içine alan ýerine ýetirilmeli anyk işler gerek boldy. «Ülke» hususy kärhanasynyň hünärmenleri barlaglaryň birnäçe tapgyryny alyp bardylar. Şol barlaglaryň baş maksady synag etmek arkaly ýerli çig maldan kristal karbidi almak boldy. Bu maksat bilen, hususy kärhananyň önümçilik binýadynda ýörite enjamlar jemlenilip, olarda iki müňden gowrak dereje gyzgynlykda kremniý karbidiniň kristallarynyň synag geçirmäge niýetlenilen tapgyryny almak başartdy.

Kremniniň karbidi ýörite taýýarlanylan garyndyny synag geçirilýän kürede ýokary derejeli gyzgynlyga çenli gyzdyrmak arkaly alyndy. XIX asyryň ahyrlarynda E.Açeson (ABŞ) tarapyndan işlenilip taýýarlanylan bu tehnologiýa dünýäniň köp ýurtlarynda häzirki güne çenli hem ulanylýar.

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Baş önümçilik barlaghanasynda geçirilen barlag ölçegleriniň maglumatlaryna görä, küreden alnan önümleriň nusgalary fiziki ölçegleri, himiki häsiýetnamalary, rentgen düzüminiň seljermesi boýunça kremniniň kristallik karbidine doly laýyk gelýär. Kremniniň karbidi (karborund) örän seýrek duş gelýän muassanit mineralynyň ýerine sintetik taýdan ulanyp bolýan önümdir. Muassanit tebigatda diňe korund we kimberlint ýataklarynda duşýar, has seýrek bolsa – Älem giňişliginden Ýere düşen meteoritleriň düzüminde duş gelýär.

Kremniniň karbidi örän inert himiki madda bolup durýar, köp turşulyklar bilen özara täsir etmeýär diýen ýaly. Kremniniň karbidiniň ýokary termiki durnuklylygy ony oda dözümli önümleri döretmäge, ýokary gyzgynlykdaky küreler üçin enjamlaryň böleklerine ýaramly edýär.

Kremniniň emeli karbidiniň häzirki döwürde ulanylyşy we onuň esasynda taýýarlanylýan önümler köpdürlidir.

Kremniniň karbidi stomatologiýada iň gerekli serişdeleriň biri hökmünde ulanylýar. Galyberse-de, kremniý karbidiniň ýarymgeçirijilerde hem-de ýokary ýylylyk geçirijiligi elektronikada ony kuwwatly enjamlar, şol sanda güýçli diodýagtyjy enjamaryň döredilmegi üçin geljegi uly önüm edýär.

«Ülke» HK-nyň synag işlerini alyp baran hünärmenleri Türkmenistanyň tebigy serişdelere baýdygyny nazarda tutup, tehniki-täjirçilik teklibini taýýarladylar. Şonda ýurdumyzda ýerli çig maldan kremniniň emeli karbidiniň eksport ugurly önümçiligini döretmegiň mümkinçiligini esaslandyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň