Soňky habarlar

Arhiw

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde Türkmenistandan baran talyplaryň 30 müňden gowragy okaýar

17:2409.02.2022
0
16336

Russiýa Federasiýasynyň bilim we ylym ministrliginiň saýtynda Russiýa bilen talyp ýaşlaryň alyş-çalşygyna işjeň gatnaşýanlaryň birinji onlugynyň arasynda Türkmenistan hem bellenilýär.

Russiýa bilen ýaşlaryň alyş-çalşygyna gatnaşýan ýurtlaryň birinji onlugyna Hytaý, Özbegistan, Gazagystan, Müsür, Gyrgyzystan, Belarus Respublikasy, Türkmenistan, Mongoliýa we Eýran girýär. Birinji orunda 10,4 müň talyp okaýan Hytaý barýar.

2020-nji we 2021-nji ýyllarda Russiýa bilen ýaşlaryň halkara çalşygyna 178 ýurt gatnaşdy.

Soňky iki ýylyň dowamynda tomusky we gyşky mekdepleriň işine 15,6 müň daşary ýurtly talyplar gatnaşdylar. Olaryň arasynda Türkmenistandan baran talyplar hem bar.

Russiýa Federasiýasynyň bilim we ylym ministrliginiň metbugat gullugynyň berýän maglumatlaryna laýyklykda, 2022-nji ýanwarynda Russiýanyň ýokary okuw jaýlarynda Türkmenistandan baran 30,6 müň talyp okaýar eken.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň