Emeli aň Antarktidada näbelli asman jisimlerini tapdy

16:0409.02.2022
0
4940

Niderlandlaryň Delft tehnologiki uniwersitetiniň alymlary emeli aňyň mümkinçiliklerini peýdalanyp, ilkinji gezek «Hazynalar kartasyny» düzdüler. Modelirleme Antarktidada Zemine gaçan meteoritleriň ýerleşmegi mümkin bolan takmynan 300 müň nokadyny kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

Barlaglaryň netijeleri «Science Alert» neşirinde ýerleşdirildi. Ilkibaşda emeli aňa öň mälim bolan meteoritler barada maglumatlary öwretmeli boldy, soňra ol özbaşdak Antarktidada nämälim bolan asman jisimleriniň üstüni açdy.

Barlaglara ýolbaşçylyk edýän Weronika Tollenaar «Hazynalar kartasynyň» 80 göterim takyk bolmagynyň mümkindigini çaklaýar, ol şeýle-de ady tutulan çäkde meteroitleri toplamagyň fiziki taýdan agyr we howply işdigini nygtaýar.

Bu barada «Rossiýskaýa gazeta» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň