Soňky habarlar

Arhiw

Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda “Mollanepes” spektaklynyň ilkinji görkezilişi boldy

01:2415.02.2015
0
18677

 Aşgabat, 15.02.2015. “Türkmenportal”

2015-nji ýylyň 14-nji fewralynda Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda “Mollanepes” spektaklynyň ilkinji görkezilişi boldy. 

Gürrüňi edilýän spektakl ilkinji gezek geçen asyryň 60-njy ýyllarynda Bazar Amanow tarapyndan Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda sahnalaşdyrylýar. Onlarça ýyl ýurduň baş teatrynyň repertuarynda görkezilen spektakly 1986-njy ýylda Ata Alowow, 1992-nji ýylda bolsa, Çary Işangulyýew ýaly halypa režissýorlar sahnada goýdular.

 “Mollanepes” spektaklynyň baş gahrymanlary dürli ýyllarda uly meşhurlyga eýe bolupdylar. Köp ýyllaryň dowamynda Nurmuhammet Keşikow bilen Ýelizaweta Garaýewa Mollanepesiň we Bossantäjiň çeper keşbini döredip geldiler. Bu gün halypalyga ýeten Nurmuhammmet Keşikow Mollanepes adyndaky Talyplar teatrynda öz ýolbaşçylyk edýän talyplar topary bilen täze düzümde “Mollanepes” spektaklyny gaýtadan sahnalaşdyryp, onuň ilkinji görkezilişini tomaşaçylara hödürledi.

Halypa režissýoryň täze topar bilen goýan spektaklynda baş keşplerde Döwran Saryýew, Ogulşeker Gurbanowa, Bezirgen Hommadow, Gurbandurdy Agalykow ýaly ýaş aktýorlar çykyş etdiler. 

Köpçülik sahnasyna Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary bilen birlikde “Sungat” studiýasynyň okuwçylarynyň gatnaşmagy ýaşlar üçin tejribe mekdebi boldy. Munuň şeýledigini spektaklyň režissýory Nurmuhammet Keşikow: “Teatrlaryň aktýorlarynyň aglabasynyň ilkinji kiçijik işleri şu nusgawy sahna eseriniň köpçülik sahnalaryndan başlanýar” diýen sözleri-de tassyklaýar.

Mollanepesiň adyny göterýän teatrda şahyryň ömrüni beýan edýän sahna eseriniň goýulmagynda simwolik many bar. Päk söýgini, halal ýaşamagy ündeýän spektakl tomaşaçylarda mährem duýgulary oýarýar. Galyberse-de, şahyryň adyny ebedileşdirýän sungat eseri ruhy mirasymyzyň ömrüni uzaldýar.  

Aslynda, Mollanepes şahyryň ömrüne bagyşlanan türkmen awtorlarynyň eserleri sungatyň beýleki görnüşlerinde hem az däldir. Ekran sungatynda dürli ýyllarda kinorežissýorlar Orazmyrat Gummadow, Oraz Orazow, Baýram Abdyllaýew we Lora Stepanskaýa tarapyndan çeper hem-de çeper-publisistik filmler surata düşürildi.  

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň