Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýedi kärhana ösümlik ýagynyň önümçiligine girişdi

17:2808.02.2022
0
38779

Türkmenistanda ýedi kärhana täze hasyldan pagta çigidini gaýtadan işläp, ýag öndürip başlady.

Dekabr ― ýanwar aýlary pagta ýagyny öndürmekde täze iş möwsümidir. Pagta çigidinden alynýan ýagyň düzüminde genetiki taýdan üýtgedilen goşundylar ulanylmaýar, bu bolsa Türkmenistanda öndürilýän ösümlik ýagynyň GDA ýurtlaryna işjeň eksport edilmegine goşant goşýar.

Pagta çigidini gaýtadan işläp ýag önümçiligine girişen kärhanalaryň arasynda «Ahal», «Ak Pamyk» (Mary), «Akar» (Lebap) ýaly kärhanalar bar. Şeýle hem Baýramalydaky we Türkmenabatdaky iri kärhanalarda her ýyl 30 müň tonna çenli ösümlik ýagy öndürilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň