Top.Mail.Ru

Şu gün Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar

09:3807.02.2022
0
6165

Şu gün — 7-nji fewralda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýar. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi türkmen-koreý gatnaşyklaryna bagyşlanan makala bilen «Türkmenistan» gazetinde çykyş etdi.

Makalada hem nygtalyşy ýaly, 2007-nji ýylda Aşgabatda Koreýa Respublikasynyň, 2013-nji ýylda bolsa Seulda Türkmenistanyň ilçihanalarynyň açylmagy döwletleriň diplomatik gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm ädimleriň biri boldy. Iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik ugur boýunça işjeň derejede alnyp barylýan bilelikdäki hereketleriň täze görnüşleriniň döredilendigini bellemek gerek. Şunda dostlukly gatnaşyklaryň ygtybarly esasy hökmünde iň ýokary derejedäki döwletara saparlara aýratyn orun degişlidir. Hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2008-nji ýylyň 5 — 7-nji noýabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 11 — 14-nji aprelindäki Koreýa Respublikasyna döwlet saparlary iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkitdi. Şunuň bilen birlikde Koreýa Respublikasynyň Prezidentleriniň 2014-nji we 2019-njy ýyllarda biziň ýurdumyza döwlet saparlary guraldy. Dostlukly hem-de özara düşünişmek ýagdaýynda geçirilen gepleşiklerde döwletara gatnaşyklaryň gerimini mundan beýläk-de giňeltmegiň, söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlygyň wajyp ugurlary kesgitlenildi. Olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin dürli derejelerdäki duşuşyklarda iki döwletiň bähbitlerine doly laýyk gelýän, anyk maksatlara gönükdirilen bilelikdäki iri möçberli taslamalar ara alnyp maslahatlaşylýar hem-de degişli teklipler işlenip taýýarlanylýar.

Bulardan başga-da, geçen ýylyň 18-nji noýabrynda Seul şäherinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň, şeýle-de beýleki birnäçe döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça gibrid görnüşde halkara forum geçirildi. Döwlet Baştutany onda çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň bu foruma Ýewraziýada ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak we ösdürmek üçin möhüm halkara binýat hökmünde seredýändigini, şeýle-de Koreýa Respublikasy bilen üstünlikli özara bähbitli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň dowamy hökmünde garaýandygyny belledi. Munuň özi Koreýa Respublikasynyň «Täze Demirgazyk syýasaty» bilen Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» başlangyjynyň düýp mazmunyndan ybaratdyr. Maksatnamalaryň ikisi hem üpjünçilik ulgamlaryny, «ýaşyl» ykdysadyýeti ösdürmek, energetika, ulag, ekologik howpsuzlyk, ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek ýaly ugurlarda toplumlaýyn çäreleri öz içine alýar.

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklar häzirki tapgyrda örän ýokary derejede saklanýar. Bu ugurda iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň ynama we hormata esaslanýan gatnaşyklary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özeni bolup durýar. Yzygiderli geçirilýän syýasy duşuşyklary muňa anyk mysallar hökmünde görkezmek bolar. Hususan-da, geçen ýylyň 30-njy noýabrynda Duşenbe şäherinde daşary işler ministrleri derejesinde «Merkezi Aziýa — Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň 14-nji mejlisi geçirildi. Onuň çäklerinde Türkmenistanyň we Günorta Koreýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler guraldy. Söhbetdeşlikde taraplar Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanma bilen belläp, energetika, infrastrukturalar, ulag-logistika, ylym we tilsimatlar, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, sanlylaşdyrmak, dokma we tokaý senagaty, oba hojalygy, howanyň üýtgemegi hem-de daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş, medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Parlamentara gatnaşyklar barada aýdylanda, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň 28-nji aprelinde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Parlamentarileriň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekdäki orny» atly halkara forum geçirildi. Bu duşuşykda Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Pak Býon Sýoug Türkmenistanyň tutuş dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň dikeldilmegine, şeýle-de BMG-niň ideologiýasynyň üç sütüniniň: durnukly ösüşiň, parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň saklanylmagyna, adam hukuklarynyň pugtalandyrylmagynyň mümkinçiliklerine ygrarlylygyň subutnamasy bolup durýandygyny nygtady.

Syýasy-diplomatik ulgamdan başga-da, Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynda köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan söwda-ykdysady gatnaşyklara-da esasy orun degişlidir. Iki ýurduň arasynda nebit we himiýa önümleri, dokma senagaty, ulag-aragatnaşyk, oba hojalyk önümleri we beýleki pudaklarda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk bilen bir hatarda, ykdysadyýetiň geljegi uly ýokary tehnologiýaly, innowasion ugurlarynyň binýadyny goýmakda hem zerur mümkinçilikler bardyr. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli guraly hökmünde Söwda-ykdysady, ylmy-tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň mejlisleri yzygiderli geçirilýär. Soňky ýyllarda bu toparyň işi has-da ýygjamlaşdyrylyp, onuň mejlislerinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerine garalýar.

Dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň biri hasaplanýan Türkmenistanyň ägirt uly mümkinçilikleriniň hem-de Koreýa Respublikasynyň sazlaşykly ösmek bilen, goşmaça energetika serişdelerini talap edýän ykdysadyýetiniň energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn gyzyklanma bildirilmegine itergi berýändigini bellemek gerek. 2019-njy ýylyň aprelinde ýurdumyza bolan döwlet saparynyň çäklerinde Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bilelikde Gyýanlydaky polimer zawodyna baryp görmegi hem taryhy waka boldy. Bu iri gazhimiýa toplumy «Türkmengaz» döwlet konserniniň buýurmasy boýunça «LG International Corp» we «Hyundai Engineering» (Koreýa) kompaniýalary tarapyndan «TOYO Engineering Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň gatnaşmagynda bilelikde guruldy.

Gyýanlydaky polimer zawodynyň gurluşygy koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň himiýa we energetika senagatynyň ösüşine ähmiýetli goşandy boldy. Polietileniň we polipropileniň önümçiligi boýunça häzirki zaman gazhimiýa toplumy Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ysnyşykly hyzmatdaşlygyň hem-de barha berkeýän dostlugyň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda dünýä belli koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilen iri taslamalara mysal hökmünde «Galkynyş» käninde tebigy gazy kükürtden arassalamak boýunça zawodyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň ikinji tapgyrynyň, tebigy gazdan benzin almagyň önümçiligi we metallurgiýa boýunça zawodlaryň gurluşyklaryny hem görkezmek bolar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň nebithimiýa, gazy gaýtadan işlemek, awtoulaglar we beýleki pudaklarynda üstünlikli iş alyp barýan koreý işewür düzümleriniň işleri-de netijeli häsiýete eýe bolýar. Ýeri gelende aýtsak, dünýä meşhur «LG» hem-de «Hyundai» koreý kompaniýalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň nebitgaz we ulag pudaklarynyň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar.

Türkmenistan bilen Koreýanyň arasyndaky ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyk hem netijeliligini görkezdi. Şunda ýurdumyzda ulanylýan jemgyýetçilik awtobuslarynyň we ýeňil awtoulaglaryň aglabasynyň koreý önümçiligine degişlidigini nygtamaly. Şeýle-de geçen ýylyň 11-nji maýynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmen-koreý işewürler geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi. Onda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary söwda-ykdysady ugur boýunça ösdürmegiň hem-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biri-de medeni-ynsanperwer ulgamdyr. Ol dostlukly we hoşniýetli gatnaşyklara, köp asyrlaryň dowamynda türkmen hem-de koreý halklaryny baglanyşdyrýan ruhy-medeni däp-dessurlardyr gymmatlyklara esaslanýar. Ylym-bilim ulgamy boýunça hyzmatdaşlyk arkaly oňyn tejribäniň toplanmagyny, medeni gatnaşyklaryň barha berkemegini, döredijilik gatnaşyklarynyň geriminiň has-da giňelmegini özara ysnyşykly hereketleriň oňyn netijeleri hökmünde görkezmek bolar. Türkmenistan Ählumumy ýaşyl ösüş institutyna goşulmak baradaky çözgüdi tassyklamak bilen birlikde, Koreýa Respublikasynyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi bilen özara hereketleriniň netijeliligini hem subut edýär.

Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri Koreýa Respublikasynda geçirilýän medeni çärelere yzygiderli gatnaşýarlar. Öz gezeginde, koreý tarapynyň wekilleri hem biziň ýurdumyzda guralýan ylmy-amaly maslahatlara, festiwallara we beýleki dabaralara işjeň gatnaşýarlar. Koreý gaznasy bilen «Merkezi Aziýa — Koreýa» hyzmatdaşlyk forumynyň Sekretariaty tarapyndan bilelikde guralýan «Nowruz Seulda» atly Merkezi Aziýanyň bahar festiwalynyň çäklerinde yzygiderli geçirilýän amaly-haşam sungatynyň sergisine, sungat ussatlarynyň çykyşlaryna, milli egin-eşikleriň we filmleriň görkezilişine-de türkmen wekiliýeti yzygiderli gatnaşdy.

Umuman, iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, maýa goýum ulgamlarynda özara gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär. Medeni-ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlyk hem täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň özara gatnaşyklary mundan beýläk-de depginli ösdürmek babatda uly mümkinçiliklere eýedigini bellemeli. Diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýylynda ýetilen sepgitleriň we öňde goýlan möhüm wezipeleriň türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň geljekki ösüşi üçin täze gözýetimleri açjakdygy aýdyň hakykatdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň