Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary «Ýokary liga» bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar

14:3202.02.2022
0
6840

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary Russiýanyň Milli ykdysadyýet uniwersiteti tarapyndan talyplaryň we uçurymlaryň arasynda geçirilýän «Ýokary liga» atly bäsleşige gatnaşmaga çagyrylýar.

Bäsleşik hünär we akademiki başarnyklaryny synap görmek isleýänleriň ählisi üçin açykdy. Oňa islendik ýokary okuw mekdebiniň hünär ýa-da bakalawr ugruny tamamlan we okaýan wekilleri gatnaşyp biler.

Gatnaşmak üçin 9-njy fewrala çenli şu baglanyşykdan hasaba alynmaly. Bäsleşige gatnaşmak üçin töleg alynmaýar.

Bäsleşigiň ýeňijileri 2022-nji ýylda Russiýanyň magistraturalarynda okamak üçin ýurduň Prezidentiniň pul kömegine mynasyp bolup bilerler.

Bäsleşik barada guramaçy toparyň resmi saýtynda doly maglumat berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň