Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmengaz» CNPC bilen goşmaça ylalaşyk baglaşar

23:3028.01.2022
1
12993

Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow döwlet Baştutanyna «Türkmengaz» döwlet konsernine enjamlar we serişdeler bilen üpjün etmek hem-de elin hyzmatlary ýerine ýetirmek barada baglaşylan şertnamalara goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar bermek hakynda» Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Şu resminama we Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konserni bilen HHR-iň «CNPC» kompaniýasynyň arasynda “Galkynyş” gaz käninde 16 guýyny himiýa önümleri bilen üpjün etmek we buraw erginlerini taýýarlamak, guýulary ulanmak boýunça tehniki hyzmatlary ýerine ýetirmek we bu guýulary degişli enjamlar bilen üpjün etmek babatda tölegiň şertlerini üýtgetmek boýunça şertnamalary baglaşmak meýilleşdirilýär. Bu şertnamanyň bahasy 372 273 969,95 hytaý ýuanyna barabardyr.

Şeýle hem “Türkmengaz” döwlet konserni bilen «CNPC» kompaniýasynyň arasynda düzümleýin enjamlary gurnamak we “Galkynyş”, “Garabil” we “Bagaja” känlerinde degişli hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda şertnamalara goşmaça ylalaşyklary baglaşmak göz öňünde tutulýar. Netijede, bu şertnamalaryň jemi bahasy 106 221 809,71 amerikan dollaryna barabar bolar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp, döwletimizde nebitgaz pudagyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, maýa goýumlaryny çekmäge, ygtybarly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklaryň gerimini giňeltmäge uly üns berilýändigini nygtady. Döwlet Baştutany bu baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanda amala aşyrylýan pudaklaýyn taslamalaryň ýerine ýetirilmeginde gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar, iri düzümleýin kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek we köpugurly esasda ösdürmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasy bilen ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň üýtgewsiz dostlukly we netijeli häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarda ägirt uly mümkinçilikleri bar. Olaryň üstünlikli amala aşyrylmagy diňe bir ikitaraplaýyn bähbitlere däl, eýsem, tutuş sebitiň abadançylyk we ösüş maksatlaryna doly laýyk gelýär.

Şeýle hem Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow täze guýulary burawlamakda we ozal hereket edýän känleri döwrebaplaşdyrmakda häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Munuň özi türkmen gazynyň eksport möçberlerini artdyrmakda aýratyn ähmiýetlidir.

Döwlet Baştutany maýa goýumlaryň ýurdumyzda alynýan çig mal serişdeleri bilen gaýtarylmalydygyny belledi.

Milletiň Lideri degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we resminamadan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilişine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň