28-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurduň oba hojalyk toplumynda amala aşyrylýan özgertmeler hem-de azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça geçirilýän meýilnamalaýyn işler barada hasabat berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Hasabatyň barşynda wise-premýer bugdaýy, gowaçany, gök-bakja we beýleki oba hojalyk ekinlerini, miweli baglary, üzüm ösdürip ýetişdirmekde hem-de öri meýdanlarynda ösümlikleriň keselleriniň, zyýankeşleriň we haşal otlaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça zerur çäreleriň geçirilýändigini belledi.
«Ösümlikleri goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanda ösümlikleri goramagyň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda Kararyň taslamasynyň işlenilip taýýarlanylandygy habar berildi, resminamada ylmy çäreleri işläp taýýarlamak boýunça işleri geçirmek, ösümlikleri goramagyň usullarynyň ulanylmagyny kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem bu maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň taslamasyna laýyklykda, Türkmenistanda ösümlikleri goramak ulgamynda ylmy ösdürmek, döwrebap tehnologiýalary we öňdebaryjy tejribäni ulanmak meseleleri beýan edilýär.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, oba hojalygynda amala aşyrylýan, bu ulgama öňdebaryjy ylmy usullary, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň hasabyna oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeleriň wajypdygyna ünsi çekdi.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ekin we öri meýdanlaryny maksadalaýyk hem-de netijeli ulanmagyň wajypdygyny belläp hem-de iň gowy dünýä tejribesinden ugur alynmalydygyny, ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak we tohumçylygy gowulandyrmak boýunça çäreleri görmegiň möhümdigini nygtady.
Türkmen Lideri degişli Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu resminamanyň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.