Aşgabatda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli çeperçilik sergisi açyldy

17:0827.01.2022
0
9772

Şu gün Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli türkmen suratkeşleriniň ýerine ýetiren eserleriniň göçme sergisi guraldy.

“Türkmenistan: Altyn asyr” internet neşirinde bellenilişi ýaly, sergide türkmen nakgaşlarynyň dürli nesliniň wekilleriniň eserleri görkezildi. Çäräniň adyndan hem belli bolşy ýaly, onda köpçülige tanyşdyrylan nakgaşlyk suratlaryň mazmunyny Watany, il-günüň parahatlygyny goramakda batyrgaýlyk görkezen edermenleriň şekilleri düzýär.

Watana bolan belent söýgini inçeden täsirli terbiýeleýän suratlaryň hatarynda Iwan Çerinkonyň, Azat Jumanyýazowyň, Aşyrjuma Nuryýewiň, Wladimir Pawloskiniň, Durdy Baýramowyň, Çary Owwaýewiň we beýleki görnükli suratkeşleriň döreden eserleri hödürlendi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň