Soňky habarlar

Arhiw

"Instagramda" Messiniň abunaçylary 300 million adama ýetdi

13:1927.01.2022
0
4605

PSŽ-niň hüjümçisi Lionel Messi, instagramdaky abunaçylary 300 milliondan geçensoň çykyş etdi.

“Biz eýýäm 300 million! Her kimiň beren goldawy üçin men olara hemişe minnetdar. Sizi gujaklaýan!” diýip, argentinaly hüjümçi ýazdy. Häzir Messiniň abunaçylary 304 milliona ýetdi.

Şahsy adamlaryň arasynda Messi, abunaçylarynyň sany boýunça üçünji orunda durýar. Bu babatda “Mançester Ýunaýtediň” hüjümçisi Kristiano Ronaldo (395 million) we model Kaýli Jenner (306 million) öňdeligi eýeleýär.

Instagram profilinde 466 million yzarlaýjy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň