Soňky habarlar

Arhiw

RFB Homuha bilen şertnamany uzaltdy

08:0026.01.2022
0
4963

Russiýanyň futbol birleşigi 2002-nji ýylda doglan ýetginjekler ýygyndysynyň baş tälimçisi Dmitriý Homuha bilen şertnamany uzaltdy.

55 ýaşly Homuha bu wezipede 2017-nji ýyldan bäri işläp gelýär.

Dmitriý Homuha Pöwrizede doguldy, ol türkmen futbolynyň uçurymydyr. Karýerasyna Aşgabatda Waleriý Nepomnýaşiýniň ýolbaşçylygynda başlan Homuha Täçmyrat Agamyradowdan hem tälim aldy. 1985-nji ýylda Aşgabadyň «Kolhozçysy» bilen uly futbola geldi. Milli ýygyndymyzyň hatarynda 1998-nji ýylda Tailandda geçirilen Aziýa oýunlaryna gatnaşdy.

Onuň ýolbaşçylygyndaky Russiýanyň ýetginjekler ýygyndylary Ýewropa çempionatlarynda altyn we kümüş medallara mynasyp boldular.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň