Soňky habarlar

Arhiw

Berdimuhamedowyň we Si Szinpiniň gatnaşmagyndaky çäreler meýilleşdirilýär

17:5122.01.2022
0
4611

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda taraplar giň gerimli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň häzirki depginini kanagatlanma bilen nygtap, şu ýyl türkmen-hytaý diplomatik gatnaşyklarynyň ýubileý tapgyryna gadam basýandygyny aýratyn belläp geçdiler.

Duşuşygyň çäklerinde, şeýle-de, Döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagynda ýokary derejede geçiriljek nobatdaky çäreler, hususan-da «Hytaý – Merkezi Aziýa döwletleri» sammiti hem-de Pekin şäherinde XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy bilen bagly bolan meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň