Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti “Aşgabat-sitiniň” guruljak ýerine baryp gördi

23:0019.01.2022
0
6898
Türkmenistanyň Prezidenti “Aşgabat-sitiniň” guruljak ýerine baryp gördi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün “Aşgabat-siti” iri ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna degişli meseleler bilen tanyşmak üçin Aşgabadyň demirgazygyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde dürli maksatly desgalarynyň gurulmagy üçin seçilip alnan ýerleriň derejesini hem-de bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryny synlady. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bu ýerde geçirilen iş maslahatynda türkmen Liderine “Aşgabat-siti” taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça halkara bäsleşiginiň yglan edilendigi habar berildi. Maslahatyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzy döwrebap derejede ösdürmek, degişli gulluklaryň işgärleriniň daşary ýurtlara iberip, hünär derejesini ýokarlandyrmak we dünýäniň ösen tejribesini öwrenmek barada belläp geçdi.

“Aşgabat-siti” ýaşaýyş toplumynyň meýdany 744 gektar bolup, ol dürli maksatly binalaryň we desgalaryň 240-dan gowragyny öz içine alýar. Bu ýerde 12 gatdan 35 gata çenli göwrümi bolan ýaşaýyş jaýlarynyň 180-si gurlar. 17 müň 836 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlary has oňaýly we otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan öýlerden ybarat bolup, olarda ýokary derejeli ýaşaýyş we göwnejaý dynç almak üçin ähli zerur şertler üpjün ediler

Iş maslahatynda Gurbansoltan eje şaýolunyň ugrunda gurulmagy teklip edilýän Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň binalar toplumynyň hem-de ýaşaýyş jaý toplumynyň, Aşgabat şäheriniň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda gurluşygy alnyp barylýan 23 sany 9 gatly ýaşaýyş jaýlarynyň we seýilgähiň, mundan başga-da, şäheriň Gurbansoltan eje şaýolundan Gökdepe ýoluna çenli aralykda gurulmagy teklip edilýän ýaşaýyş jaýlarynyň, paýtagtymyzyň çäklerinde çekilmegi meýilleşdirilýän zeýkeş-aragatnaşyk ötüginiň, paýtagtymyzyň Görogly köçesiniň durkuny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklip edilýän şekil taslamalary döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň