Indoneziýanyň Mejlisi paýtagty göçürmek barada kanun taslamasyny oňlady

14:3818.01.2022
0
6377

Indoneziýanyň Mejlisi plenar ýygnakda ýurduň paýtagtyny Jakartany Günorta Kalimantan ülkesine geçirmek barada kanun taslamasyny makullady. Bu barada düýn, sişenbede CNN Indonesia habarlar portaly habar berdi.

17-nji ýanwarda Indoneziýanyň milli ösüşi meýilnamalaşdyrmak ministri Suharso Monoarfa täze paýtagtyň Nusantara diýlip atlandyryljakdygyny habar beripdi.

Ýurduň Prezidenti Joko Widodo 2019-njy ýylda paýtagty häzirki Jakartadan göçürmek barada maksatnamany yglan edipdi. Bu maksatlar üçin döwletiň gaznasyndan 32 milliard dollar töweregi serişde bölnüp berildi, emma koronawirus ýokanjy zerarly taslama togtadyldy. Taslamany ýene iki ýyldan durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň