Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde açylan sergide Türkmenistanyň suratkeşleriniň 70-e golaýynyň şekillendiriş we amaly-haşam sungaty boýunça döreden eserleriniň 100-den gowragy görkezilýär. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Meret Gylyjowyň «Gudratly daglar», «Söýgi gudraty», Kamil Weliahmedowyň «Duzly depe», «Manyş obasy» ýaly eserleri hem bar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Gahryman Goçmyradowyň «Güller we narlar», Myratmergen Kulyýewiň «Asuda asman», Sadap Gurbanowanyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» atly nakgaşçylyk eserlerinde, heýkeltaraş Amanmuhammet Hydyrowyň «Arkadag», Maýsa Ataýewanyň «Bugdaý nagşy» ýaly keramika eserlerinde, zergärler Atamyrat Hommadowyň, Allaýar Batyrowyň ýasan milli şaý-sep toplumlarynda munuň şeýledigini ýakyndan synlamak bolýar.