Soňky habarlar

Arhiw

Özbegistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy kabul etdi

19:0717.01.2022
0
8035
Özbegistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy kabul etdi
Surat: president.uz

17-nji ýanwarda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew iş sapary bilen Daşkende baran Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowy kabul etdi.

Duşuşygyň başynda özbek Lideri soňky ýyllarda köp asyrlyk türkmen-özbek dostluk gatnaşyklarynyň, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini aýratyn kanagatlanma bilen belläp geçdi.

Özbegistanda saparda bolýan türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy, wise-premýer Serdar Berdimuhamedow ýokary derejede kabul edilendigi üçin Özbegistanyň Prezidentine hoşallygyny beýan edip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan mähirli salamlaryny we gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Duşuşykda iki ýurduň arasynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi we hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Özara söwdanyň depginini artdyrmak, senagat, energiýa, suw we oba hojalygynda bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle hem ýurtlaryň üstaşyr-ulag mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak ýaly meseleler barada pikir alşyldy. Sebitara gatnaşyklary we medeni-ynsanperwer ugurlarda alyş-çalyş maksatnamalaryny ösdürmegiň ähmiýeti bellendi.

Şeýle-de okaň!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň