Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ylmy-barlag işleriniň netijeliligi artdyrylýar

14:4814.01.2022
0
1301

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň alymlary we hünärmenleri okuw-tejribe hojalygynda maldarçylyk, guşçulyk ugruna degişli ylmy-barlag işlerini alyp barýarlar. Alymlar iri şahly mallaryň, dowarlaryň, guşlaryň iýmitlendirilişiniň aýratynlyklary, ýokary önümli tohum mallary döretmek, guşlaryň ýokanç kesellerine garşy toplumlaýyn göreş çärelerini alyp barmak babatda ylmy işleri geçirýärler. Gazanylýan netijeler önümçilige ornaşdyrylýar ― diýlip, «Türkmenistan» gazetinde çap edilen makalada ýazylýar.

Ýerleriň melioratiw ýagdaýyny ylmy esasda gowulandyrmakda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ähmiýeti örän uludyr. Uniwersitetiň alymlary bu ugurda dürli ylmy işleri alyp barýarlar. Geljekde kölüň töwereginde ekerançylyk üçin ýaramly ýerler emele geler we bu ýagdaý haýwanat dünýäsiniň köpdürlüligini gorap saklamaga, maldarçylyk pudagyny ösdürmäge mümkinçilik berer. Şor suwlaryň medeni zolakdan çykarylmagy gowaçanyň, bugdaýyň, şalynyň, gant şugundyrynyň we beýleki oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygynyň artmagyna hem-de önümleriň ekologik taýdan arassa bolmagyna şert döreder. Şor suw akabalarynyň işläp başlamagy bilen suwaryş suwlarynyň netijeliligi has-da artar.

Türkmenistanda oba hojalyk toplumy üçin daşary döwletlerden döwrebap, kämil tehnikalar we gurallar satyn alynýar. Olar alymlar we hünärmenlerimiz tarapyndan synagdan geçirilýär. Bu babatda uniwersitetimizde «John Deere», «Case», «Class», «Caterpillar» kompaniýalarynyň okuw merkezleriniň açylmagy talyplara olaryň kämil tehnikalaryny düýpli öwrenmäge we önümçilikde ulanmaga mümkinçilik berýär.

Ylmy-barlag işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça uniwersitetde tejribeli mugallymlaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda oba hojalygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlag işlerine giň gerim berildi. Olaryň hatarynda gowaçanyň ir ýetişýän bol hasylly, süýüminiň çykymy we hili ýokary, kesellere durnukly, güýzlük bugdaýyň howanyň amatsyz şertlerine çydamly, ýokary hasylly ýerli görnüşlerini döretmek bilen baglanyşykly işler bar. Uniwersitetde talyp ýaşlarda ylmy-barlag işlerine höwes döretmek maksady bilen, Ýaş alymlaryň geňeşi hem döredildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň