Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Ben Afflek Betmeniň keşbinden ýüz öwürdi

15:0813.01.2022
0
1046

Kino ýyldyzy Ben Afflek özüni aňrybaş ukyply gahryman Betmen baradaky filmlerde çykyş etmegiň asla gyzyklandyrmaýandygyny, şonuň üçin bu keşbi janlandyrmak barada tekliplerden ýüz öwrendigini habar berdi. Ol bu barada Entertainment Weekly neşirine beren beýanatynda aýtdy.

Ol öň «Adalatlylyk ligasy» atly filmde bu gahrymanyň keşbini janlandyrmakdan asla lezzet almandygyny, filmiň şowsuz çykandygyny gürrüň berdi. Aktýor indiden beýälk özüne şatlyk getirýän kino taslamalarynda surata düşmekçidigini nygtady. Afflek şeýle karara gelmegine ýegre dosty, aktýor Mett Deýmonyň hem täsir edendigini sözüniň üstüne goşdy, artistiň sözlerine görä, Deýmon oňa bu keşpden ýüz öwürmegi maslahat beripdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň