Soňky habarlar

Arhiw

Ýer kadastry barada nämeleri bilmeli?

14:3811.01.2022
0
1987

Türkmenistanyň Prezidentiniň geçen ýylyň fewral aýynyň başynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň oba hojalygyna programma üpjünçiligini ornaşdyrmak hem-de degişli hünärmenleri taýýarlamak arkaly döwlet ýer kadastrynyň ýeke-täk ulgamyny döretmek babatda beren tabşyryklaryndan, şeýle hem «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýer eýelerini, ýerden peýdalanyjylary we ýer kärendeçilerini doly we öz wagtynda hasaba almak hem-de olar baradaky maglumatlary döwlet ýer kadastr maglumatlar toplumynyň merkezleşdirilen ýeke-täk elektron (sanly) maglumatlar ulgamyna girizilmegini döwrebap derejede ýola goýmak arkaly Watanymyzyň esasy baýlygy bolan ýerimizi rejeli peýdalanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisi tarapyndan «Döwlet ýer kadastry hakynda» Kanunyň taslamasy işlenilip taýýarlanyldy hem-de 2021-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda geçirilen mejlisde deputatlar tarapyndan kabul edildi.

«Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy täze hukuk resminamasynyň ähmiýeti we aýratynlyklary bilen baglanyşykly birnäçe sowallara jogap bermegini haýyş edip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň başlygy, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Azat Seýdibaýewe ýüz tutdy Onuň taýýarlanan söhbetdeşlik «Turkmenportalyň» okyjylary üçin hem gyzykly bolar diýip tama edýäris:

— Gürrüňi «Döwlet ýer kadastry hakdaky» Kanunyň ähmiýetinden başlaýsaňyz!

— Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 14-nji maddasynda ýer we ýerasty baýlyklaryň ýurduň umumymilli baýlygy bolup durýandygy, döwlet tarapyndan goralýandygy we rejeli peýdalanmaga degişlidigi anyk beýan edilýär. Bu baýlyklarymyzy goramak, tygşytly peýdalanmak hem-de ýer serişdelerini dolandyrmak üçin möhüm ähmiýetli döwlet ýer kadastryny emele getirmek, ýer serişdelerini durnukly dolandyrmagy üpjün etmek, şeýle hem olara döwlet gözegçiligini amala aşyrmak, topragyň gurplulygynyň saklanmagyna, ýokarlanmagyna gönükdirilen çäreleri geçirmek, döwlet häkimiýet, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryny we beýleki ýuridik hem-de fiziki şahslary maglumat taýdan üpjün etmek kabul edilen Kanunyň esasy maksady bolup durýar.

Döwlet ýer kadastry ýerleriň tebigy, hojalyk we hukuk düzgüni, toparlary, mukdar we hil häsiýetnamalary hem-de olara ykdysady baha berlişi, olaryň ýerleşýän ýeri we ölçegi, şeýle hem ýer bölekleriniň eýeleri, ýerden peýdalanyjylar, ýer kärendeçileri boýunça bölünişi barada hasaba alnan maglumatlaryň ýeke-täk döwlet geomaglumatlar ulgamy bolup durýar. Görnüşi ýaly, Döwlet ýer kadastry ýer baradaky ähli maglumatlary özünde jemlemek bilen, ony döwrebap usullarda, esasan hem sanly ulgamy peýdalanyp amala aşyrmak göz öňünde tutulýan esasy sepgit bolup durýar.

— Ýer kadastryny emele getirýän maglumatlar hem-de Kanunda göz öňünde tutulýan resminamalar barada nämeleri aýtmak bolar?

— Ýer kadastrynyň düzümine ýer bölegine hukugyň döwlet tarapyndan bellige alnandygy, ýer bölekleriniň mukdar we hil häsiýetnamalary, topragyň bonitirowkasy hem-de ýerlere ykdysady baha berlişi baradaky beýleki maglumatlar degişli bolup durýar. Bu maglumatlar Döwlet ýer kadastrynyň esasy sütünini emele getirmek bilen, ýerleriň hilini, olaryň toparlanmasyny, ykdysady bahasyny, hasyllylyk, şorlaşma derejesini we beýleki esasy maglumatlary özünde jemleýär.

Ýurdumyzda ýer kadastryny emele getirýän döwlet ýer kadastr resminamalarynyň ýeke-täk ulgamynyň ulanylmagy göz öňünde tutulýar. Şunda döwlet ýer kadastr resminamalary esasy, kömekçi we jemleýji görnüşlerdäki toparlara bölünýär. Esasy görnüşlere ýerleriň döwlet sanawy, kadastr işleriniň kartalary, kömekçi görnüşlere resminamalary we berlen maglumatlary hasaba alyş kitaplary, jemleýji görnüşe Türkmenistan we onuň dolandyryş-çäk birlikleri boýunça ýer bölekleriniň sanawyny özünde jemleýän resminamalar, döwlet ýer hasabatlary we beýleki maglumatlar degişli bolup durýar. Mundan başga-da, ýerleriň döwlet sanawyny emele getirýän esasy resminama hökmünde döwlet ýer kadastr kitaplary çykyş edýär. Bu kitap ýer kadastrynyň obýekti hökmünde ýüze çykýan we bes edilýän her bir ýer bölegi barada maglumatlary özünde saklaýar. Onda ýerleriň ýerleşýän ýerini, maksatlaýyn niýetlenişini anyklamak üçin hem-de onuň hukuk eýeleri barada zerur maglumatlary, şol sanda hukugyň ýüze çykmagy, üýtgemegi, başga birine geçmegi we bes edilmegi bilen bagly ýagdaýlary öz içine alýan, şeýle hem ýer böleklerine hukuklaryň döwlet tarapyndan bellige alnandygy baradaky maglumatlar jemlenendir.

Ýer böleklerini döwlet tarapyndan bellige almak işi Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylar. Şunda ýer bölegine eýeçilik, ýerden peýdalanmak hukugyny belleýän Döwlet namalar hem-de ýere kärende hukugy barada Şahadatnama döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir. Emma daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň kärendesine berlen suwarymly ýerleri, şeýle hem öri meýdanlary muňa degişli däldir.

Kadastr kartalary esasy resminamalaryň biridir. Olar döwlet ýer kadastrynyň maglumatlaryny grafiki we tekst görnüşinde görkezýän resminamalar bolup, elektron hem-de kagyz göterijilerde birkysmy görnüşde döredilýär. Kartografik maglumatlarda kadastr kartalary welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň, etraplaryň, zolaklaryň, massiwleriň, kwartallaryň we ýer bölekleriniň çäklerini görkezýär. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan aerokosmiki surata düşürmeler we ýörite programmalar esasynda belli bir ölçege getirilen elektron kartalar, programmalar hem-de kartografik we beýleki resminamalar esasynda ýurduň çäginiň kadastr bölünişiginiň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar.

— Ýokarda belläp geçişiňiz ýaly, döwlet ýer kadastr maglumatlar toplumynyň merkezleşdirilen ýeke-täk elektron maglumatlar binýadynyň emele getirilmeginde hem-de munuň sanly ulgam arkaly alnyp barylmagynda nähili netijelere garaşylýar?

— Elektron maglumatlar ulgamynyň döredilmegi hem-de ondan sanly ulgamyň üsti bilen peýdalanylmagynyň ýola goýulmagy «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklarynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna hem-de elektron ulgamyň üsti bilen maglumat alyşmagyň we onuň elýeterliligini üpjün etmegiň zerur kanunçylyk binýady bolup çykyş etmegine ýardam eder. Hususan-da, ýer kadastr kitabynyň, kartalaryň, indeksli kartalaryň elektron we kagyz görnüşinde ýöredilmegi göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, Kanuna laýyklykda, ýurdumyzyň çäginde ýeke-täk ýer bölekleriniň kadastr belgileriniň ulgamynyň döredilmegi meýilleşdirilýär. Elektron kartalarda kadastr belgileri girizilende, degişli kadastr belgisi berlen tarap barada maglumatlary gysga wagtyň dowamynda tapmak mümkinçiligi dörär.

— Döwlet tarapyndan hasaba almak işini amala aşyrmagyň ähmiýeti barada-da gürrüň beräýseňiz!

— Ýer bölekleri döwlet tarapyndan bellige alnandan soňra, degişli resminamalaryň kadastr kitaplarynda ýazgy edilmegi üçin Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýerli edaralaryna, ýagny döwlet hasaba alyjylara ugradylýar. Olar tarapyndan kabul edilen zerur resminamalaryň esasynda bäş iş gününiň dowamynda döwlet ýer kadastr resminamalaryna girizilýär. Bu işleriň şol bir wagtda döwlet ýer kadastr maglumatlar toplumynyň merkezleşdirilen ýeke-täk elektron maglumatlar binýadyna girizilmegi hem göz öňünde tutulýar.

Kanuna laýyklykda, ýer bölekleriniň döwlet tarapyndan hasaba alynmagynyň doly we öz wagtynda amala aşyrylmagy olaryň tebigy ýagdaýyny hemişe gözegçilikde saklamaga, daşky gurşawyň tebigy we antropogen hadysalarynyň ýerlere ýetirýän täsirini öwrenmäge, ýeriň hukuk eýeleriniň kanuny bähbitlerini goramaga şert döreder. Ýer böleklerini rejeli peýdalanmaga, hasyllylygy artdyrmaga hem-de gyzyklanýan taraplara degişli maglumatlary jemlemäge, şeýle-de döwlet ýer hasabatyny düzmäge ýardam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň