Soňky habarlar

Arhiw

Halaçly halyçylar 2021-nji ýylda 10 müň 407 inedördül metre barabar haly dokadylar

15:4407.01.2022
0
1551

«Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň zähmetsöýer çeper elli halyçylary ene-mamalarymyzdan gelýän bu gadymy hünäre yhlas edip, 2021-nji ýyly zähmet üstünlikleri bilen jemlediler.

Bu ýerde işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy, şeýle hem halyçylaryň yhlasly zähmeti netijesinde ýylyň dowamynda 20 million 694 müň 223 manatlyk ýokary hilli haly we haly önümleri dokalyp, bu baradaky ýyllyk meýilnama artygy bilen ýerine ýetirildi. Bu görkeziji kärhananyň gazanan ösüş depgininiň 106 göterime barabar bolandygyny aňladýar.

Kärhanada ýylyň dowamynda dokalan haly we haly önümleriniň umumy möçberi 10 müň 407 inedördül metre barabar boldy. Ýeri gelende Halaç çeper halyçylyk kärhanasynyň Türkmenistanyň iň iri halyçylyk kärhanasydygyny, bu ýerde çeper elli halyçy gelin – gyzlaryň 2 müň 300 – den gowragynyň zähmet çekýändigini belläp geçmek möhümdir.

Halaç çeper halyçylyk kärhanasynda adaty ölçegdäki halylar bilen birlikde täze nusgadaky göller çitilen äpet halylaryň, binalaryň ölçeglerine görä tegelek, trapesiýa görnüşdäki halylar hem dokalýar. Kärhanada milli mirasymyzyň gymmatlyklary - horjun, zenanlaryň ýantorbasy, gapylyklar we beýleki dürli görnüşli sowgatlyk haly we haly önümleriniň dokalýandygyny belläp geçmek gerek.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň